L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy

  • 24.10.2022 17:03
  • 3.3k+

Dünýäde iň uly kosmetika öndürijileriniň biri bolan L’Oreal SA fransuz kompaniýasy üçünji çärýekde satuwy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,7% - 9,575 mlrd ýewro çenli ýokarlandyrdy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny kapital.kz ýetirýär. Deňeşdirip bolýan satuwlar 9,1% ýokarlandy. Analitikler görkezijiniň ortaça 9,05 mlrd ýewro derejesinde bolmagyny çaklapdylar.

L’Oreal girdejiniň ähli bölümçelerde we ähli iş sebitlerinde ýokarlanandygyny belledi. Geçen çärýek satuw Günbatar Ýewropada 12,1% - 2,88 mlrd ýewro çenli, Demirgazyk Amerikada 27,7%, 2,8 mlrd ýewro çenli, Demirgazyk Aziýada 11,3%, 2,4 mlrd ýewro çenli, Latyn Amerikasynda 36,5%, 675,6 mln ýewro çenli, galan sebitlerde 41,5%, 787,7 mln ýewro çenli ýokarlandy.
Sarp ediji harytlary bölümçesiniň girdejisi 19,1% ýokarlanyp, 3,55 mlrd ýewro, lýuks kosmetika bölümçesiniňki 15,8% ýokarlanyp, 3,6 mlrd ýewro ýetdi. Professional serişdeleriň satuwy 15,7% ýokarlanyp, 1,09 mlrd ýewrodan geçdi.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 21% (174,85 mlrd ýewro çenli) pese gaçdy. L’Oreal kompaniýasy Yves Saint Laurent, Lancome, Garnier, Vichy, Maybelline, Giorgio Armani, Prada we Kiehl’s ýaly 35 brend bilen kosmetika, atyr, deri we saç üçin serişdeleri öndürýär.

düýn 17:02
1.9k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......