FIFA transfer bazarynyň işindäki üýtgeşmeleri bildiriş etdi

  • 23.10.2022 10:23
  • 8.3k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň geňeşiniň mejlisiniňn jemi boýunça transfer bazarynyň işindäki üýtgeşmeleri bildiriş etdi. 

Aýratynam, üýtgeşmeler oýunçylary terbiýeleýän guramalaryň töleglerinden başlanar. Şonuň ýaly-da, FIFA klublaryň arasyndaky tölegleriň açyk-aýdyň bolmagyny gurar.

"FIFA-nyň habar beriş merkeziniň düzgünleri tassyklandy. Biz ony transfer bazarynyň ulgamyny özgertmegiň bir bölegi hökmünde iki ýyl mundan öň döretmekçidik. Transfer bilen bagly ähli tölegler merkezden geçer. Biz oýunçylary terbiýesi bilen meşgullanýan klublaryň öweztöleginden başlarys. Şonuň ýaly klublar tutuş dünýäde bar we olar juda möhüm iş edýärler. Biz ulgamy awtomatlaşdyrmagy karar etdik - professional oýunçynyň öweztölegleri we raýdaşlyk töleglerini hem öz içine alýan her transferi klublara FIFA-nyň habar beriş merkeziniň kömegi bilen awtomatik usulda ýollanar. Bu kiçi klublaryň durmuşyny üýtgeder" - diýip, TASS Infantinonyň sözlerini getirýär.

Täze düzgünler 2022-nji ýylyň 16-njy noýabryndan güýje girýär. Tälim berýän klublar 400 million dollar töweregi hak alarlar, bu bolsa olaryň häzirki gazançlary bilen deňeşdirilende 5 esse köpdür.


şu gün 10:53
2.8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......