Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy

  • 23.10.2022 10:24
  • 23k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew Absolýut söweş çempionatynyň ýeňil agramda guşak üçin titul söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi.

Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turniriniň esasy söweşinde Mahaçew ikinji raundda demikdiriji usul bilen möhletinden ir ýeňiş gazandy. Diwizionyň öňki çempiony maý aýynda amerikaly Jastin Getji bilen söweşiň öňüsyrasynda agram çekişlikden soň guşagyny ýitiren Oliweýrady.
Mahaçew bassyr 11-nji ýeňşini gazanyp, braziliýalynyň şeýle möçberli ýeňiş tapgyrynyň arasyny böldi. Russiýaly söweşiji 31 ýaşynda bolup, onuň hasabynda professional MMA-da 23 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Türgen 2018-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda ýeňil agramda UFC-niň çempion titulyna eýe bolan Habib Nurmagomedowyň dosty we sparring-hyzmatdaşydyr.
Oliweýra 33 ýaşynda, ol 33 gezek ýeňiş gazanyp, dokuz gezek ýeňlişe sezewar boldy.


düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......