Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlaryna iki milliarddan gowrak adam tomaşa etdi

  • 22.10.2022 15:56
  • 5.8k+

Pekinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlaryna iki milliarddan gowrak adam tomaşa etdi diýip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) metbugat gullugy habar berýär.

Guramanyň hasabatyna laýyklykda, bu 2018-nji ýylda Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde geçirilen Oýunlara garanyňda, 5% köpdür. Olimpiada döwründe 68 milliondan gowrak täze ulanyjy HOK-yň çeşmelerine girdi. Bellenilişi ýaly, türgenler koronawirusa garşy göreş çärelerini göz öňünde tutup, ýaryşyň guralyşyny halapdyrlar.

“2022-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiada taryhda iň sanly gyşky Olimpiada boldy. Tutuş dünýä boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öňkülerdenem has köp material, şol sanda sanly platformalarda rekord möçberli material elýeterli boldy. Iki milliarddan gowrak adamdan ybarat auditoriýaly gyşky Olimpiýa oýunlary häzirem dünýäde iň meşhur sport wakalarynyň biri bolmagynda galýar” – diýip, HOK-yň prezidenti Tomas Bah belledi.

Pekindäki Olimpiýa oýunlary 4 – 20-nji fewralda geçirildi. Medal sanawynda ýeňiji 16 altyn, 8 kümüş we 13 bürünç medala mynasyp bolan Norwegiýanyň milli ýygyndysy boldy.


şu gün 10:20
1.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....