Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär

  • 22.10.2022 15:53
  • 17k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew Absolýut söweş çempionatynda (UFC) möhletinden irki ýeňişleriň sany boýunça braziliýaly Çarlz Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Oliweýra bilen Mahaçewiň arasyndaky söweş 22-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 280 turniriniň esasy wakasy bolar. Öň, braziliýaly Mahaçewiň titul söweşinden öň ýeňil diwizionyň ilkinji bäşligindäkileriň biri bilen söweşmelidigini aýtdy. Şeýle-de, ol russiýalynyň UFC 280 turnirindäki söweşi diňe Habib Nurmagomedowyň kömegi bilen gazanandygyny belledi.

“Oliweýranyň özi titul söweşinden öň kim bilen söweşdi? Kimiň mynasypdygy – mynasyp däldigi barada gürlemezden öňinçä, bu soragy özüňe ber. Maňa bu söweşi ýerde tamamlamak gerek, sebäbi Çarlzyň UFC-de finiş sany boýunça rekordy bar. Men bu rekordy almak isleýärin. Men özümiň soňky garşydaşlarymyň ählisini ýeňdim – muny iki günden hem edip biljekdigime ynanýaryn” – diýip, Mahaçew metbugat konferensiýasynda aýtdy.
“Onuň bagtyna, Habib karýerasyny tamamlady. Ol bu guşagy ömründe hiç haçan alyp bilmezdi we çempion hem bolmazdy” – diýip, Mahaçew Oliweýranyň Habib Nurmagomedowy söweşe çagyrmagy bilen bagly soraga jogap bermek bilen belledi.


22.05.2026 07:07
5.9k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.8k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
12k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

10.05.2026 11:39
13k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......