Messi sentýabrda Liga 1-iň iň gowy futbolçysy boldy

  • 22.10.2022 16:05
  • 8.1k+

“Pari Sen-Žermeniň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi sentýabr aýynyň jemi boýunça Liga 1-iň iň gowy oýunçysy boldy. Bu barada Fransiýanyň Professional futbolçylaryň professional birleşiginiň resmi saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Messi 57% ses alyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orunda 31% bilen “Lorýanyň” oýunçysy Dango Uattara, üçünji orunda 12% bilen “Lilliň” oýunçysy Jonatan Dewid ýerleşdi.
Sentýabr aýynda Messi Fransiýanyň çempionatynda üç oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi we üç netijeli geçirim etdi. Häzirki möwsümde 35 ýaşly argentinaly ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 14 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we sekiz netijeli geçirim etdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......