Özbegistanyň Prezidenti ýakyn dosty Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

  • 21.10.2022 14:56
  • 26k+

Şu gün ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şeýle maglumaty "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri ýaýradýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit derejesinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

"Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň iýulynda dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow hem Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyp, türkmen-özbek parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşypdy" diýlip, habarda bellenilýär. 


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......