Oktýabryň ahyrynda 27-nji halkara nebitgaz forumy we sergi geçirilýär

  • 21.10.2022 14:26
  • 3.9k+

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahat we sergi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada 20-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ýerli we ýurdumyzda işleýän halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri hasaba alyndy. Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmagy, maýa goýumlary çekmäge ýardam bermegi, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......