NASA HKS-iň bortundan açyk äleme çykmagy täzeden dikelder

  • 20.10.2022 08:06
  • 7.9k+

ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirligi (NASA) Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) daşynda gäminiň daşarky işlerini amala aşyrmagy täzeden dikeldýär diýip kosmiki pudagyň saýtynda habar berilýändigini Trend ýazýar. 

HKS-iň amerikan segmentinde işleýän astronawtlar şu ýylyň martyndan bäri açyk äleme çykmandylar. Şonda stansiýanyň daşynda kebşirleme işlerini geçirmek üçin açyk kosmosa çykylan wagtynda nemes astronawty Mattias Maurer öz skafandrynyň şleminde çyg bardygyny görüpdi we gyssagly ýagdaýda daşyna çykmak bes edilipdi. Şondan soň NASA adatdan daşary ýagdaýyň sebäbi anyklanýança korablyň daşynda iş alyp barmagy togtatmagy karar etdi.
Müdirligiň berýän maglumatyna görä, hünärmenler ýagdaýy birin-birin öwrenip barladylar. Olar skafandry we ýüze çykarylan çygyň nusgalaryny öwrendiler we alnan maglumatlaryň esasynda meseläniň çeşmesi skafandrda däl-de, integrirlenen ulgamda diýen netijä geldiler, ulgamyň işi adatdakydan köp mukdardaky kondensantyň işlenip çykmagyna getiripdir.
Barlagyň netijeleri boýunça "HKS-iň bortundan meýilleşdirilen açyk äleme çykmalary täzeden dikeltmäge rugsat bermeli" diýen karara geldiler. 


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......