Apple täze iPad Pro bilen tanyşdyrdy

  • 20.10.2022 08:02
  • 8.3k+

Apple kompaniýasy sişenbe güni gowulandyrylan M2 çipli täze iPad Pro-ny satyp başlandygyny bildiriş etdi. Bu barada kompaniýa tarapyndan ýaýradylan metbugat-relizinde aýdylýar.

Täze iPad sişenbe gününden,18-nji oktýabrdan başlap, ABŞ-da we dünýäniň 28 sebitinde onlaýn sargytlar üçin elýeter bolar, dükanlara 26-njy noýabrda çykmaly. Täze iPad-iň esasy aýratynlygy şu ýyl MacOC kompaniýasynyň operasion ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanan sekiz ýadroly has kuwwatly prosessory birleşdirýän M2 çip bolar. Ol önümçiligi M1 prosessoryndaky model bilen deňeşdirilende ep-esli — 15% gowulandyrmaga mümkinçilik berer.  On ýadroly goşmaça grafiki prosessor grafika boýunça wezipeleriň işini 35%-e çenli çaltlandyrar. Gurluşyň operatiw ýady 16 Gb.
Planşet indi Apple Pencil-iň täze stilusyny 12 mm uzaklykdan tanaýar - şonuň esasynda stilus ekrana golaýlanda tekst meýdany awtomatik giňelýär, elde ýazylan giriş bolsa ondanam tiz tekste öwrülýär diýip, kompaniýada gürrüň berýärler. 
Şeýle hem täze iPad Pro Wi-Fi 6E-niň kömegi bilen maglumatlary ýokary tizlikde geçirmegi göterýär, ýüklenişiň tizligi 2,4 GB/s - bu planşetleriň ondan öňki nesliniňkiden iki esse çaltdyr.
Täze iPad Pro-nyň  fiziki ýady 128 GB, 256 GB, 512 GB, 1 TB we 2 TB, kümüşsöw we älem-çal reňklerde, 11 we 12,9 dýum ekranly bolar. 11 dýumlyk iPad Pro-nyň başlangyç bahasy 799 dollardan, 12 dýumlygyňky 1099 dollandan başlanýar. Täze Apple Pencil  aýratynlykda 129 dollardan  satylar. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...