Netflix-iň abunaçylarynyň sany III çärýekde 2 milliondan gowrak artdy

  • 20.10.2022 08:34
  • 5.5k+

Abuna ýazylyşyk esasynda dünýäniň iň uly wideo akym hyzmaty bolan Netflix Inc.-iň abunaçylarynyň sany üçünji çärýekde 2,41 mln birlik artdy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler görkezijiniň 1,1 mln birlik ösüşine garaşypdylar. Geçen iki çärýek abunaçylaryň sany jemi 1,2 mln birlik azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň iýul – sentýabr aýlarynda arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 1,4 mlrd dollar ýa-da paý üçin 3,16 dollar bilen deňeşdirilende, 1,45 mlrd dollar ýa-da paý üçin 3,1 dollar boldy. Girdeji 6% ýokarlanyp, 7,93 mlrd dollara ýetdi.
Analitikler kompaniýanyň arassa girdejisiniň ortaça 7,84 mlrd dollar girdejide paý üçin 2,14 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Dördünji çärýekde Netflix abunaçylarynyň sanyny 4,5 mln birlik, girdejisini geçen ýylyň oktýabr – dekabr aýlaryndaky 7,71 mlrd dollardan 7,78 mlrd dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Çaklama abunaçylaryň sanynyň 4 mln, girdejiniň 7,97 mlrd dollara çenli artmagyny göz öňünde tutýar.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 60%, 109 mlrd dollara çenli peseldi.


15.05.2026 11:36
2.3k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5.1k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....