2007-nji ýylyň gutusy açylmadyk iPhone-ny auksionda takmynan 40 müň dollara satyldy

  • 18.10.2022 17:50
  • 32k+

2007-nji ýylda çykarylan, gutusy açylmadyk iPhone smartfony ýekşenbe güni geçen söwdalaşyklarda 39 müň 340 dollara satyldy diýip, LCG Auctions auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. 

"Birinji nesliň gutusy açylmadyk nusgasy örän oňat ýagdaýda saklanan. Gutusynyň üsti we burçlary asla mizemändir, zawoddan çykma plombasy ellenmändir <...> Täzeje smartfon, hiç hili işledilmändir. Kolleksionerler we inwestorlar mundan üýtgeşik nusga duş gelmezler" - diýip, lotuň teswirinde aýdylýar. 

Şeýle-de, 2007-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda ilkinji gezek Stiw Jobs tarapyndan görkezilen iPhone smartfon industriýasyny hemişelik üýtgeden, "döwrümiziň iň möhüm we giň ýaýran oýlap tapyşy" boldy diýip nygtalýar.
Business Insider täzelikler portalynyň belleýşi ýaly, 2007-nji ýylda birinji iPhone-niň modeliň bahasy 599 dollardy. ABŞ-nyň Zähmet ministrliginiň hasabat býurosynyň maglumatlaryna görä, söwdalaşyklarda satylan smartfon, inflýasiýany nazara alsaň, geçen ýyllaryň içinde 45 esse gymmatlapdyr. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...