Fýuriniň indiki söweşiniň senesi belli boldy

  • 18.10.2022 17:45
  • 13k+

Britaniýaly boksçy Taýson Fýuriniň indiki söweşiniň senesi belli boldy. Bu barada Twitterde International Boxing News habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Portalyň maglumatlaryna görä, 3-nji dekabrda Fýuri watandaşy Derek Çisora bilen duşuşar. Söweş Londondaky “Tottenhem Hotspur” stadionynda geçiriler. Boksçylar Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä agyr agramda dünýä çempionynyň guşagy üçin söweşerler.
26-njy sentýabrda Fýuri dekabr aýyna meýilleşdirilen watandaşy Entoni Joşua bilen söweşiň ýatyrylýandygyny habar berdi. Türgen söweş şertnamasyna wagtynda gol çekilmändigini düşündirdi. Ol ringde germaniýaly Manuel Çarr bilen duşuşmak isleýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Fýuri – agyr agramda WBC-niň wersiýasy boýunça häzirki dünýä çempiony. Onuň hasabynda 33 ýeňiş bar, ol ýekeje gezek-de ýeňilmedi, bir söweş bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Çisoranyň hasabynda 33 ýeňiş we 12 ýeňliş bar.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......