Stiw Jobsuň Macintosh kompýuteri auksiona çykaryldy

  • 16.10.2022 09:32
  • 14k+

Apple-i esaslandyryjy Stiw Jobsa degişli Macintosh SE kompýuterini 22-nji oktýabrda boljak Bonham's History of Science and Technology auksionyna goýarlar. Lotuň teswirinde şeýle diýilýär: "Macintosh SE kompýuteri, Kupertino, Kaliforniýa, Apple Computer, 1987-nji ýylyň aýagy, 20 MB-lyk içki gaty diskli, klawiaturaly, syçanjykly we ätiýaç üçin goşmaça gaty diskli. Stiw Jobs tarapyndan häzirki eýesine, NeXT, Inc. işgärine sowgat berlen".

Söwdalaşyga goýlan kompýuteri Jobs Apple-den işden çykarylansoň ulanypdyr. 1988-nji ýylda Mac onuň NeXT kompaniýasynyň ofisinde durýan eken. Bu kompaniýany ol 1985-nji ýylda Apple-den gidenden soň esaslandyrypdyr. Ol kompýuterini 1994-nji ýylda häzirki eýesine beren eken. Birmahal Stiw Jobsuňky bolan kompýutere 200-300 müň dollar baha kesilýär.
Jobs  Macintosh-a PK-laryň satlyga çykmagy bilen IBM meýinamasy üçin Apple-e beren jogaby hökmünde seredipdir. Ýadynyň pesdigi, gaty diskiniň ýokdugy we programma üpjünçiligindäki kynçylyklar sebäpli onuň söwdasy o diýen şowlamandyr, ýöne ahyrda şowly Apple kompýuterler hatarynyň döremegine getiripdir.
Macintosh SE - 1987-1990-njy ýyllar aralygynda Apple-iň Macintosh II bilen deňine goýberen personal kompýuteri. Bu kompaniýanyň rasşireniýe sloty bilen enjamlaşdyrylan birinji kompýuteridir, bu modeliň adynda hem şöhlelenýär (iňl. System Expansion).


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...