2022-nji ýylda 5,3 mlrd ykjam telefon zibile taşlanar

  • 16.10.2022 09:28
  • 29k+

Ekologiýa meseleleri bilen meşgullanýan hökümete degişli bolmadyk gurama WEEE Forum 2022-nji ýylda 5,3 mlrd smartfonyň we ykjam telefonyň elektron zibile öwrüljekdigini anyklady. Bu barada “The Register” neşiri habar berýär diýip, incrussia.ru belleýär.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, 5,3 mlrd – bu häzirki wagtda bütin dünýäde ulanylýan ykjam gurluşlaryň umumy sanynyň üçden birine deňdir. WEEE Forum eger ähli köne telefonlary we smartfonlary biri-biriniň üstünde goýsaň, beýikligi, takmynan, 50 müň km bolan diňiň emele geljekdigini hasaplady. Bu bolsa Ýeriň kosmos hemralarynyň köpüsiniň uçuş belentliginden hem ýokarydyr.
Şonuň bilen birlikde, gurama tas 9 müň maşgala bilen geçirilen pikir soraşmanyň netijelerini-de hödürledi. Oňa laýyklykda, adamlaryň 46%-i köne ykjam gurluşlary gaýtadan işlemek üçin hem bermän, özünde saklaýar. Ýene 15%-i kimdir birine satmak ýa-da bermek üçin köne gajetleri saklap galýar. Takmynan, 13%-i sentimental sebäplere görä ykjam gurluşyndan aýrylyp bilmeýär.
Häzirki wagtda dünýäde 16 mlrd ykjam telefon hasaba alynýar – Ýewropada olaryň üçden biri diýen ýaly ulanylmaýar. WEEE-niň hasabyna görä, elekton zibilleriň “dagy” 2030-njy ýyla çenli ýylda 74 mln tonna çenli ýokarlanar.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......