Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi

  • 16.10.2022 09:25
  • 5.5k+

Halkara energetika agentligi (HEA) 2022-nji ýylda nebite islegiň ösüşine çaklama berende ony günde 100 müň barrel peseldendigi agentligiň aýlyk hasabatyndan görünýär.

Seljerijiler 2021-nji ýylda islegiň bahasyny üýtgewsiz – 97,7 mln b/g çenli diýip goýdular, sentýabrdaky hasabat bilen deňeşdirilende 2022-nji ýyl üçin çaklama 100 müň b/g – 99,6 mln b/g çenli peseldilen. Şunlukda, 2022-nji ýylda HEA dünýäde nebite islegiň, bir aý mundan owalky 2 mln b/g deregine, 1,9 mln b/g öser diýip garaşýar. Şeýle-de, HEA 2023-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň bahasyny 101,8 mln b/g-dan 101,3 mln b/g çenli peseltdi. Şunlukda ulanyşyň ösüşiniň bahasyny 400 müň b/g peselmä tarap – 1,7 mln b/g-a çenli diýip seljerijiler düzetdiler.
Dünýä isleginiň bahasy dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly, onsoňam OPEK+-yň nebit çykarmagy azaltmak boýunça kabul eden meýilnamasy sebäpli ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde düzedildi.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...