Serdar Berdimuhamedow «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi

  • 15.10.2022 16:59
  • 11k+

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Gazagystana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi. 

Döwlet Baştutany käbir resmi wekiller bilen bilelikde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň gowy tejribelerini we döwrebap mümkinçiliklerini birleşdirýän bu özboluşly merkezde bolup, onuň alyp barýan işi hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.
Astanada geçirilen «EKSPO ― 2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň infrastrukturasynyň binýadynda ýerleşýän bu merkeziň taslamasyna 2015-nji ýylda badalga berildi we 2018-nji ýylyň iýulynda onuň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy. Gazagystanyň bu milli megataslamasy dünýäniň maliýe düzümleriniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemläp, oňa gatnaşyjylar diňe bir Gazagystanyň ýa sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýä ýurtlarynyň hem kapitalyna elýeterlilik alýarlar. «Astana» halkara maliýe merkezi, esasan, maýa bazary, aktiwleri hem-de hususy taraplaryň serişdelerini dolandyrmak, yslam maliýesi, maliýe tehnologiýalary we «ýaşyl» maliýe ýaly 6 ugry ösdürmegi ileri tutýar.
Häzirki wagta çenli merkezde dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 1500-den köpüsi hasaba alnyp, olar bank, ätiýaçlandyryş, maýa goýum we hünärmen hyzmatlaryny hödürleýärler.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....