Serdar Berdimuhamedow Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýdy

  • 15.10.2022 11:26
  • 9.1k+

Şu gün irden iri halkara çärelere gatnaşmak, şeýle-de doganlyk ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen Gazagystanda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde Astana şäheriniň häkimi döwlet Baştutanynyň ýanynda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

«Watan goragçylary» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärligiň etegine gül dessesini goýup, döwlet Baştutany Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.
Gazagystanda ýaşaýan ähli halklaryň jebisligini alamatlandyrýan Watan goragçylarynyň ýadygärligi 2001-nji ýylda açyldy. Esasy meýdançadaky suw çüwdürimleri, barelýeflerdäki batyrgaý keşpler, ýas tutýan enäniň heýkeli we «Baky ot» halkyň edermenligini ýada salýar. Gazagystana sapar bilen barýan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bu ýadygärlige gül desselerini goýmaklary asylly däbe öwrüldi.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....