Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ― Russiýa hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny teklip etdi

  • 14.10.2022 17:23
  • 15k+

Şu gün Astana şäheriniň Kongres merkezinde geçirilýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä geosyýasatyndaky häzirki meýilleriň oňyn ýagdaýda däldigini aýdyp, şu düzüme gatnaşýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda aýratyn üns berilmeli anyk ugurlary teklip etdi. Şol ugurlar barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Döwlet Baştutanynyň pikiriçe, şol ugurlar, ine, şulardan ybarat bolup biler:
Birinjiden, biziň ýurtlarymyzdaky ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy; şeýle synanyşyklara garşy durmak.
Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmek.
Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriň we ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek.
Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmak.

Şular barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda agzalan ugurlarda bilelikdäki işleri güýçlendirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, şu meseläniň ýörite gulluklaryň we beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....