Jennifer Lopez ilkinji iki dilde ýazylan kitabyny çykardy

  • 13.10.2022 17:57
  • 22k+

Aýdymçy Jennifer Lopez bilen aktýor Jimmi Fellon bilelikde “Con Pollo: A Bilingual Playtime Adventure” ady bilen çagalar üçin kitap ýazdylar. Bu barada Benn Afflekiň aýaly sosial ulgamlarda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Kitap ispan dilini öwrenmeklige bagyşlanýar. Suratlar bilen bezelen gyzykly kitap ýaş okyjylara esasy ispan leksikasyny özleşdirmäge kömek etmek üçin niýetlenendir. Interwýularyň birinde Jimmi Fellon aýdymçy bilen bilelikde çagalar kitabyny ýazmak pikiriniň Jenniferiň NBC-däki “Agşamky şüweleňden” daşary başga taslamalaryň üstünde-de bilelikde işlemek teklibinden soň peýda bolandygyny aýtdy.
Jüýjeleriň başdan geçirmeleri baradaky hekaýa olara iki dili birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Kitap ispan terjimesi bilen iňlis dilinde ýazylyp, täze dili özleşdirýän çagalar üçin peýdalydyr.

“Meniň Jimmi Fellon bilen ilkinji çagalar kitabym. Men oňa we özümize buýsanýaryn” – diýip, Lopez ýazýar.

düýn 19:50
12k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

düýn 18:32
1.8k+

Paramount «Call of Duty» oýnunyň esasynda düşüriljek filmiň çykjak wagtyny yglan etdi

Paramount kinokompaniýasy meşhur «Call of Duty» wideooýunlar seriýasynyň esasynda düşüriljek çeper filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi. Filmi 2028-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykarmak......

düýn 16:25
2.3k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

düýn 11:26
4.7k+

Zähmetsöýerligiň dünýä reýtingi: iň işeňňir adamlar nirede ýaşaýar?

Iň dowamly iş hepdesi bolan ýurtlaryň dünýä boýunça sanawynda Butan birinji ýeri eýeledi. Bu ýurtda hepdelik iş wagtynyň ortaça görkezijisi 54,7 sagatdyr. Sanawyň lider ýurtlaryndaky ýokary agram zähmet köp......