LVMH увеличила выручку в III квартале на 27%

  • 13.10.2022 17:56
  • 4.3k+

Dünýädäki iň uly lýuks harytlaryny öndüriji LVMH 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde girdejisini 27% ýokarlandyrdy. Bu hem bazaryň çaklamalaryndan ýokary boldy diýip, Interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, iýul – sentýabr aýlarynda onuň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 15,51 mlrd ýewro bilen deňeşdirilende 19,76 mlrd ýewro boldy. Satuwyň organiki ösüşi 19% boldy.
FactSet tarapyndan sorag edilen hünärmenler onuň girdejisiniň ortaça 19,1 mlrd ýewro derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Kompaniýanyň Ýewropadaky, ABŞ-daky we Ýaponiýadaky girdejisi ýerli sarp edijiler tarapyndan durnukly islegiň we halkara syýahatçylygynyň dikelmeginiň netijesinde ýylyň başyndan bäri ep-esli ýokarlandy diýip, metbugat relizinde bellenilýär. Aziýada üçünji çärýekde karantin çäklendirmeleriniň gowşadylmagy netijesinde ýagdaý gowulaşsa-da, girdejiniň şu ýyl ösüş depgini has pesdir.
LVMH-iň moda egin-eşikleri we deri önümleri segmentinde girdejisi üçünji çärýekde 30% ýokarlanyp, 9,69 mlrd ýewro ýetdi. Satuwyň organiki ösüşi 22% boldy.
Alkogol içgileriniň satuwy 23%, 1,9 mlrd ýewro çenli, parfýumeriýanyň we kosmetikanyň satuwy 19%, 1,96 mlrd ýewro çenli, sagatlaryň we şaý-sepleriň satuwy 25%, 2,67 mlrd ýewro çenli ýokarlandy.
Ulgamlaýyn ownuk söwda dükanlarynyň girdejisi 28% ýokarlanyp, 3,47 mlrd ýewro ýetdi.
2022-nji ýylyň dokuz aýynda LVMH-iň girdejisi 28%, 56,5 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri organiki ösüş 20% boldy.


30.12.2024 15:04
7.1k+

Бернар Арно возглавил список миллиардеров с наибольшими потерями в 2024 году

В 2024 году генеральный директор крупнейшего производителя предметов роскоши LVMH Бернар Арно возглавил рейтинг миллиардеров, чье состояние заметно сократилось в 2024 году. По данным Business Insider, капитал французского...

04.10.2024 22:01
4.3k+

LVMH стал новым спонсором Формулы-1 на 10 лет

Формула-1 заключила 10-летнее соглашение с люксовым концерном LVMH. Договор, вступающий в силу с сезона 2025 года, делает LVMH официальным спонсором «королевы автоспорта». LVMH владеет такими известными брендами...

16.08.2024 10:20
7.8k+

Bloomberg: Арно покинул тройку богатейших людей мира, потеряв $23 млрд

Французский миллиардер, основатель и президент группы компаний LVMH Бернар Арно покинул тройку самых состоятельных людей мира. Это следует из данных индекса миллиардеров Bloomberg (BBI). Состояние Арно, по оценке...

28.06.2024 15:44
14k+

Владелец LVMH Бернар Арно купил долю в бизнесе конкурента

Владелец конгломерата LVMH, французский миллиардер Бернар Арно приобрел долю в швейцарской люксовой компании Richemont, которой принадлежат такие бренды, как Cartier, Chloé и Van Cleef & Arpels. Сумма сделки и...