Google tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar

  • 13.10.2022 17:54
  • 3.4k+

Google-yň käbir müşderileri eýýäm 2023-nji ýylyň başynda bulut hyzmatlary üçin kriptowalýuta bilen töleg geçirip bilerler. Bu barada Google Cloud Next konferensiýasynda korporasiýanyň wekilleri aýtdy diýip, CNBC habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Bu korporasiýanyň Coinbase kriptowalýuta biržasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin bolar. Ilkibaşda Google integrirlenen Coinbase Commerce hyzmatynyň kömegi bilen tölegleri kriptowalýutada az sanly müşderilerden kabul eder diýip, wise-prezident, baş menejer we Google Cloud platformasynyň ýolbaşçysy Amit Zaweri gürrüň berdi. Häzirki wagtda Coinbase Commerce bitkoin, Bitcoin Cash, Dogecoin, Ethereum we Litecoin ýaly 10 walýutany göterýär.
Wagtyň geçmegi bilen, Google köp müşderilere kriptowalýutany ulanmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, Zaweri korporasiýanyň kriptowalýutalary saklamak we gepleşikleri geçirmek üçin Coinbase Prime hyzmatyny peýdalanmagy göz öňünde tutýandygyny belleýär.
Coinbase hem maglumatlary saklamak üçin Google-yň bulut infrastrukturasyny ulanjakdygyny mälim etdi. Birža öz programmalaryny Amazon Web Services bulut hyzmatyndan göçürer diýip, Coinbase-yň işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Jim Migdal habar berdi. Kriptowalýuta tölegleri geçirilende Coinbase tranzaksiýadan göterim alar. Şertnamanyň beýleki şertleri aýan edilmeýär.


11.06.2026 14:00
2.5k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....