Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi

  • 13.10.2022 17:32
  • 4.1k+

Üçünji çärýekde şahsy kompýuterleriň (ŞK) global üpjünçiligi 1990-njy ýyllaryň ortalarynda hasap ýöredilip başlanandan bäri rekord pese gaçyşy görkezdi. Muny Gartner analitiki kompaniýanyň deslapky maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Iýul – sentýabr aýlarynda satuw 68 mln birlik bolup, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 19,5% azdyr. Pese gaçyş bassyr dördünji çärýegiň jemi boýunça hasaba alyndy.
Şahsy kompýuterleriň global bazarynyň liderleriniň üçlügi üýtgemedi. Birinji orny 25%-den gowrak bazar paýy bilen häzirem Hytaýyň Lenovo kompaniýasy eýeleýär. Onuň satuwy üçünji çärýekde 15,3% peseldi.
Onuň yzyndan HP Inc. we Dell Technologies amerikan kompaniýalary gelýär, olaryň bazar paýy, degişlilikde, 18,7% we 17,7%. Olaryň ŞK iberişi, degişlilikde, 27,9% we 21,1% azaldy. Apple Inc. global bazardaky paýy boýunça ASUS-dan birneme öňe geçýär – 8,5% garşy 8,2%-e.
ABŞ-da iýul – sentýabr aýlarynda kompýuter üpjünçiligi 17,3% pese gaçdy. Ýurtda iň belli markalar Dell (amerikan bazarynda paýy 26,8%), HP (23,2%) we Apple (16%).
Ýaponiýany hasaba almazdan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde satuw 16,6% azaldy. EMEA-da (Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar) kompýuter satuwy 36,4% - 17 mln birlige çenli peseldi. Bu hem ähli sebitleriň arasynda iň uly pese gaçyş boldy.

düýn 20:27
1.7k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
2.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.7k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.2k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....