Maryda täze demir ýol köprüsi açyldy

  • 13.10.2022 08:23
  • 20k+

12-nji oktýabrda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular.

Demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň geçen ýerinde milli ak öýler bezeldi, kejebede gelin getirmek, at çapdyrmak ýaly toý däpleri öz beýanyny tapdy. Zenanlaryň el işlerini, milli senetçiligi şöhlelendirýän  pursatlar hem dabara gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy.
Gurluşykda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra ýörite bezelen baýramçylyk otlusynyň täze gurlan döwrebap demir ýol köprüsinden ilkinji bolup geçmegi bu waka aýratyn öwüşgin çaýdy. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, eňňitleri 750 we 562 metre deňdir. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.


düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

21.04.2026 08:00
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

14.04.2026 14:07
8.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......