iPhone-da ikitaraplaýyn simsiz zarýadka peýda bolar

  • 07.10.2022 15:28
  • 16k+

Iphone 13 Pro-nyň täze Dynamic Island kesikli we 48-megapiksellik kameraly gowulandyrylan wersiýasy bolan iphone 14 Pro-da birtopar öňdebaryjy telefonlara mahsus funksiýalar ýok. Gürrüň ikitaraplaýyn simsiz zarýad beriji barada gidýär.  

Bu funksiýa Android-smartfonlaryň köpüsinde bar, olaryň käbiriniň bahasy  iPhone 14 Pro-dan ep-esli arzandyr. 
Apple-iň täze smartfonlarynda geljekde ýagdaýyň üýtgemegi onuň muşdaklaryny begendirer, çünki kupertinoly kompaniýa iPhone üçin tersine simsiz zarýadka patent aldy diýip, Patently Apple habar berýär.
Mesele bu funksiýanyň iPhone-da ilkinji gezek haçan peýda boljagynda. Deslapky myş-myşlara görä, iPhone 15 uzak garaşdyran USB-C razýomyna we has ýokary tizlikdäki zarýadka eýe bolar. Apple tersine simsiz zarýadka funksiýasyny ornaşdyrmagy iPhone 16 çykýança yza süýşürermi ýa ýok, ony biz indiki ýyl bileris.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...