iPhone 14-iň bahasy iPhone 13-iňkä garanda iki esse çalt düşýär

  • 07.10.2022 15:16
  • 23k+

SellCell iPhone-nyň maşgalasyna degişli täze öňdebaryjy smartfonlaryň satyn alnyşynyň ortaça bahasyna seljerme berdi we iPhone 14-iň bahasy iPhone 13-iňkä garanda çalt düşýär diýen netijä geldi.

Alnan maglumatlar, iPhone 14-iň bahasynyň iki esse çalt düşmek bilen, satuwa çykarylan ilkinji 10 gününiň dowamynda iPhone 13 we iPhone 13 mini bilen deňeşdirilende, gymmatyny saklap bilmek babatynda gowy netije görkezip bilmändigini aňladýar.
Has takyk aýtsak, iPhone 14 38,4% arzanlady, şonuň bilen birlikde geçen ýyl şu döwürde iPhone 13 18,2%, o diýen islegli däl iPhone 13 mini bolsa 20,3% arzanlapdy.
iPhone 14 Pro 31,1%, iPhone 14 Pro Max - 19,6% arzanlady, bu bolsa top modeliniň has uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny görkezýär. Geçen ýyl iPhone 13 Pro 10 günüň içinde 26,3%, iPhone 13 Pro Max - 21,4% arzanlapdy.
Seljerijiler Jefferiler iPhone 14 seriýasynyň goýberilen ilkinji üç gününde Hytaýda 987 000 smartfonyň satylandygyny mälim etdiler, bu bolsa geçen ýyl şol döwrüň içinde onuň  iPhone 13 -den 11% az satylandygyny aňladýar.
iPhone 14 Plus heniz çykanok, ýöne bu modele çaklama eýýäm taýýar: şol döwrüň içinde ol 38,6% arzanlar diýip garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...