Serdar Berdimuhamedow Putini 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

  • 07.10.2022 07:14
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhleti göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan häsiýete eýedir. Biz halklarymyzyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Prezident Wladimir Putini ýubileý ýaş toýy bilen ýene-de bir ýola gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Russiýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......