Apple-iň programmalardan we oýunlardan gazanýan girdejisi rekord derejede azaldy

  • 06.10.2022 21:53
  • 6.7k+

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Apple-iň App Store-den gazanýan girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% azaldy. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Kompaniýanyň, esasanam, oýunlardan gazanýan girdejisi azaldy (14%).

Morgan Stanley-iň maglumatlaryna görä, bu pese gaçyş 2015-nji ýyldan bäri alnyp barylýan App Store-iň görkezijilerini seljermegiň taryhynda iň ulusydyr. Analitikler ýaramaz dinamikany ýüze çykaran sebäpleriň hataryna global inflýasiýany goşýarlar. Şeýle-de, munuň ýene bir sebäbi Hytaýy hasaba almazdan, App Stor üçin iň uly bazarlar hasaplanýan ABŞ, Kanada we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmegidir.
Kompaniýanyň özi görkezijileriň ýaramazlaşmagyny pandemiýa döwründäki terslik, ýagny adamlaryň pullaryny dynç alşa we güýmenjeler üçin işjeň sarp etmekleri bilen düşündirýär.
Oktýabr aýynda App Store-den gelýän girdeji ýyllyk hasabynda has uly pese gaçyşy görkezip biler, sebäbi bu aý Ýewropada we beýleki birnäçe ýurtlarda Apple öz programmalar dükanynda bahalary ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....