Sentýabr aýynda BYD-yň satuwy rekord derejä ýetdi

  • 06.10.2022 09:46
  • 8.9k+

Hytaýyň täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri öndürijisi BYD Co. sentýabr aýynda bassyr ýedinji aýyň jemi boýunça rekord derejeli satuwy hasaba aldy. Ol ilkinji gezek 200 müň bellikden geçdi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, üçünji çärýegiň jemi boýunça hytaý kompaniýasy satuwda Tesla amerikan kompaniýasyndan öňe geçdi.
Geçen aý BYD 201 259 awtoulag satdy, bu bolsa 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky görkezijiden 2,8 esse (183%) köpdür. Bu barada kompaniýa tarapyndan Gonkongyň fond biržasyna iberilen resminamada aýdylýar. Olardan 7,7 müňden gowragy eksport edildi.
Ýanwar – awgust aýlarynda kompaniýanyň satuwy 1,17 mln boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse (255%) köpdür.
Üçünji çärýekde görkeziji Tesla-nyň 343,83 müň elektromobili bilen deňeşdirilende, takmynan, 534,2 müň awtomobil boldy diýip, DigiTimes Asia belleýär.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....