2023-nji ýylda 10 minutdan az wagtyň içinde smartfona zarýad bermäge ukyply tehnologiýa peýda bolar

  • 04.10.2022 12:06
  • 12k+

Häzirki wagtda dünýäde alty minutda smartfona 0-dan 80%-e çenli zarýad berýän iň çalt zarýad beriji tehnologiýa bar. Indiki ýyl bolsa bu prosesi hasam çaltlaşdyrjak çözgüt tapylar. Bu barada Digital Chat Station-yň meşhur insaýderiniň sözüne salgylanyp, ixbt.ru habar berýär.

Portalyň bellemegine görä, öndürijileriň ähli tagallalary bir zarýad beriş sikliniň wagtyny azaltmaga gönükdirilendir, sebäbi gurluşlaryň çäkli ölçegleri sebäpli gajetleriň öndürijiligini ýokarlandyrmak we olary uzak wagt işlär ýaly etmek mümkin däl.
2022-nji ýylyň iýul aýynda noldan 100%-e çenli 10 minutda zarýad alýan 200 Wt kuwwatly super çalt zarýad beriji bilen iQOO 10 Pro smartfonynyň relizi boldy. Insaýderiň aýtmagyna görä, indiki ýyl bazara has gowy netijeleri görkezjek gurluşlar çykar, çünki öndürijiler zarýad beriş wagtyny bir belgili görkezijä çenli azaltmagy meýilleşdirýärler, bu hem smartfonyň zarýad alyş wagtynyň 10 minutdan az boljakdygyny aňladýar.

şu gün 04:40
373

Alymlar: adamzadyň diri galmagyna duýgudaşlyk sebäp bolupdyr

Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýitmän, gyrylman, arkama-arka ýaşap ýörmegine onuň güýji-de däl, akly-da däl, eýsem özgäniň derdine duýgudaşlyk etmek we gatnaşyk gurmak ukyby sebäp bolupdyr. Bu baradaky ýörite barlaglar arkaly gelnen ylmy makala Journal of Archaeological Science žurnalynda çap edildi...

şu gün 04:18
294

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

şu gün 04:00
246

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

şu gün 03:49
580

«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy

Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler...