Ilon Mask adama meňzeş robotyň prototipini görkezdi

  • 03.10.2022 13:13
  • 14k+

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli robot Optimus-yň prototipini görkezdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Tesla-da emeli intellekt güni” çäresiniň dowamynda robotyň synag prototipi sahna çykyp, zalda oturanlara elini galgatdy. Soňra Mask robotyň gutyny bir ýerden başga ýere geçirýän we gülleri suwarýan wideosyny görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde, Mask “Optimus-y kämilleşdirmek we synagdan geçirmek üçin ýene köp işleriň bardygyny" belledi. Onuň çaklamalaryna görä, robot 5-10 ýyldan kämil bolar.
Robot Tesla tarapyndan taýýarlanan komponentleri, şol sanda akkumulýator batareýasyny, çip ulgamyny, şeýle-de el-aýaklary dolandyrmak üçin herekete getirijileri ulanar. Oňa Tesla elektromobillerinde ulanylýan awtodolandyryjy ulgam hem oturdylar.
Telekeçi robotyň bahasynyň 20 müň dollardan az boljakdygyny belleýär.
Tesla-nyň ýolbaşçysy roboty döretmek pikirini 2021-nji ýylyň awgust aýynda aýtdy. Şol wagt hödürlenen taslama görä, Optimus adam boýy bilen deň bolar, 20 kg töweregi agramy göterip, adama gündelik işleri ýerine ýetirmäge kömek edip biler. Telekeçiniň aýtmagyna görä, akylly mehanizm adamyň etmek islemeýän işlerini edip biler, mysal üçin, azyk önümlerini almak üçin dükana gider.


şu gün 18:51
757

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....