Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady

  • 03.10.2022 11:02
  • 14k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Hamzat Çimaýewiň haýsy diwizionda çykyş etjekdigini öz islegine görä saýlap bilýändigini aýdandan soň, çeçen söweşijisi ýoluny ýarym orta agramda dowam etdirmäge taýýardygyny we özüniň indiki garşydaşy hökmünde Kolbi Kowingtony görmek isleýändigini aýtdy. Muny fighttime.ru ýetirýär.

“Kolbi Kowington indiki!” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy.

Üç hepde mundan öň Hamzat Çimaýew UFC 279 turnirinden öň agram ýaryşynda üç ýarym kilogram artykmaçlygy görkezip, Neýt Diasa garşy söweşden aýryldy. Netijede, onuň garşydaşy Kewin Holland bolup, ony aralyk agramyň çäklerinde birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi.
Çäreden soň Çimaýewiň tälimçisi onuň indiki söweşini ýylyň ahyryna çenli orta agram kategoriýasynda geçirjekdigini aýtdy, söweşiji hem bu maglumaty tassyklady.
Kolbi Kowington barada aýdylanda, ol şu ýylyň mart aýynda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Horhe Maswidaldan üstün çykdy we häzirki wagtda diwizionyň reýtinginde Çimaýewden bir orun öňde bolup, ikinji orny eýeleýär.


şu gün 08:32
2.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.9k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.2k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....