Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek meselelerine seretmäge taýýar

  • 03.10.2022 12:14
  • 17k+

Bu barada Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, bu ugurda döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şeýle-de munuň özi energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem gyzyklanmalarynyň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz makalasynda belledi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy: “Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys” diýip nygtady.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4.1k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...