Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň jar edilen gününi gutlady

  • 01.10.2022 18:07
  • 5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda özboluşly hytaý aýratynlygy mahsus bolan sosializm baradaky taglymatlaryň halky “Hytaý arzuwyny” durmuşa geçirmegiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitiniň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bolan duşuşygyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, şol duşuşygyň barşynda birnäçe möhüm meseleler boýunça özara pikir alşylandygyny, wajyp ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, iki tarapyň hem netijeli çäreleri amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.


20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......