Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar

  • 30.09.2022 15:13
  • 16k+

Owganystanyň ikinji wise-premýeri Molla Abdyl Gani Baradaryň aýtmagyna görä, Owganystanda häzir TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Bu barada ol TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşygynda beýan etdi diýip, Orient ýazýar.

«Owganystan Yslam Emirligi TOPH taslamasyny başlamaga doly taýýar we bu ugurda hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine ygrarly»- diýip, Molla Baradaryň kanselýariýasynyň beýanatynda bellenilýär.

Dag magdan senagaty we nebit ministrliginde beýan etmeklerine görä, TOPH taslamasynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň oktýabrynda başlanar.

«Duşuşyklar geçirildi. Biz işleri oktýabr aýynyň başynda ýa ahyrynda başlap bileris» - diýip, ministrligiň wekili Esmatulla Burhan aýtdy.

Owganystanyň DIM-niň habar bermegine görä, tehniki topar indiki aý TOPH taslamasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana barar. Şeýle hem türkmen gazyny senagat bilen ilatyň arasynda paýlamak, ondan elektrik energiýasyny öndürmek meseleleri maslahatlaşylar.
«TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy möhüm taslamalaryň biri bolup, ol gyzyklanma bildirýän döwletleriň arasynda howpsuzlyk ulgamynda syýasy özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer, şeýle hem sebit ykdysadyýetini ösdürer» diýip, ykdysadyýet ministrligiň wekili Abdyl Rahman Habib belledi.
Öz gezeginde, Owganystanyň Senagat we şahtalar palatasynyň (ACIM) bellemegine görä, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystana öz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer. «Munuň özi gaza bagly bolan senagat pudaklaryna ýardam eder, bizde şeýle hem owgan ykdysadyýeti üçin gaza bolan zerurlyk bar» - diýip, ACIM-iň başlygynyň orunbasary Sahi Ahmad Paýman aýtdy.
Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre eýe bolan gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde başlandy. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin bähbitlidir. Ol Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Kabula ýiti sosial meselelerini çözmäge serişde bermäge, Yslamabada we Delä energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini peseltmäge mümkinçilik berer.


düýn 11:30
2.5k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...