Lego girdeji ösüşinde ýarymýyllyk arassa girdejisini 2,7% azaltdy

  • 30.09.2022 11:33
  • 3.5k+

Dünýäde iň uly öndürijileriň biri hasaplanýan Daniýanyň oýunjak öndürijisi Lego A/S 2022-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça arassa girdejisini 2,7% - geçen ýylyň degişli döwründäki 6,32 mlrd Daniýa kronasy bilen deňeşdirilende 6,15 mlrd krona ($793 mln) çenli azaltdy.

Girdeji islegiň güýçli bolmagynyň hasabyna 17,1% ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 23,04 mlrd krona garşy 26,99 mlrd krona ýetdi.
Girdejiniň ep-esli ýokarlanmagy kompaniýa çig mal, energiýa çeşmeleri we transport hyzmatlary üçin çykdajylaryň ýokarlanmagyny deňleşdirmäge mümkinçilik berdi. Netijede, Lego-nyň operasion girdejisi üýtgemedi diýen ýaly, ol 2021-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlaryndaky 8 mlrd krona bilen deňeşdirilende, 7,9 mlrd krona boldy.
Kompaniýa ýylyň başyndan bäri 66 dükan açdy, şolaryň 46-sy Hytaýda. Netijede, olaryň umumy sany 833-e ýetdi, olaryň 349-sy HHR-de.
Şeýle-de, şu ýyl 90 ýyllygyny belleýän Lego 2025-nji ýyla çenli ABŞ-da we Wýetnamda iki fabrika açmak meýilnamasyny hem tassyklady.

düýn 21:59
1.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....