Apple islegiň pesligi sebäpli iPhone 14-iň önümçiligini artdyrmakdan ýüz öwürdi

  • 30.09.2022 11:14
  • 11k+

Apple amerikan kompaniýasy iki hepde mundan öň satuwa çykan iPhone 14 modeline islegiň ýokary däldigi sebäpli, onuň önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa toplumy düzüjiler bilen üpjün edijilere şu ýylyň ikinji ýarymynda iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligini 6 mln birlik artdyrmajakdygyny duýdurdy. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli 90 mln gurluşy çykarmagy maksat edinýär, bu, takmynan, geçen ýylyň derejesine deňdir.
Bloomberg-e görä, dünýäde iň uly bazar hasaplanýan Hytaýyň smartfon bazarynda iPhone 14-iň satyn alnyş möçberi satuwa çykandan soň ilkinji üç günüň jemi boýunça geçen ýyl iPhone 13 bilen deňeşdirilende 11% pes boldy. Şu ýyl dünýäniň smartfon bazarynyň 6,5%, 1,27 mlrd birlige çenli azalmagyna garaşylýar diýip, agentlik belleýär.
Duşenbe güni Deliniň “Hindustan taýms” gazeti Apple-iň Hindistanda iPhone 14 smartfonyny öndürip başlandygyny habar berdi. Kompaniýa ençeme wagtdan bäri smartfonlarynyň aglaba bölegini Hytaýda çykarýardy, emma ABŞ bilen HHR-iň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň çylşyrymlaşmagy sebäpli alternatiwalary tapmaga çalyşdy.
ABŞ-da iPhone 14 we iPhone 14 Plus, degişlilikde, 799 dollara we 899 dollara satylýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....