Türkmenistan «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar

  • 28.09.2022 22:21
  • 8.9k+

Türkmenistan «Buried Hill Energy» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de onuň anyk tekliplerine seretmäge taýýar. Bu barada şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosyň arasynda duşuşykda beýan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, Piter S.Kallos daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Myhman Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energiýa strategiýasyna hem-de onuň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, türkmen döwletiniň işjeň ornunyň hem-de onuň teklipleriniň köpugurly turbageçiriji ulgamlary kemala getirmäge, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda bähbitli şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmaga oňyn täsiriniň bardygyny belledi.
Piter Kallos bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň soňky 18 ýylyň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen böleginde geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......