Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

  • 28.09.2022 22:01
  • 13k+

28-nji sentýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, şu gün bu ýerde baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Şu gün ahalteke bedewleri ýedi çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny hem-de çeýeligini görkezdiler.
1 müň 600 metr aralyga ilkinji üç çapyşykda üçýaşar bedewler ýaryşdylar.
Geçirilen ilkinji çapyşykda 1 minut 48,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Döwran atly dor at görkezdi.
Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 50,5 sekunt netije bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bäsleşik atly dor aty geldi.
Üçünji çapyşykda 1 minut 49,4 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Günaý atly dor gysrak görkezdi.
Galan çapyşyklarda dörtýaşar we ondan uly bedewler ýaryşdylar.
1 müň 800 metr aralyga dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Ýantar atly dor aty geldi. Ol 2 minut 05,8 sekunt netije görkezdi.
Şolar ýaly aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda 2 minut 02,0 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly dor at geldi.
2 müň 200 metr aralyga altynjy çapyşykda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Ýagmyr atly dor aty 2 minut 36,20 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ol 2 minut 31,3 sekunt netije görkezdi.
Soňra ýaryşyň  ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


düýn 00:04
5.4k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

25.05.2026 11:17
9.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

11.05.2026 22:59
1.4k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......