Katar Dünýä çempionaty — 2022-ni geçirmek üçin 200 mlrd dollar sarp etdi

  • 28.09.2022 21:38
  • 11k+

Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykarylan çykdajy rekord 200 mlrd dollar boldy diýip, The Sun habar berýär.

Bu Russiýanyň 2018-nji ýylda dünýä çempionatyna çykaran çykdajysyndan 20 esse diýen ýaly köpdür. Şonda Russiýanyň çykdajysy 11,6 mlrd dollar bolupdy, rekord bolsa 2014-nji ýylda 15 mlrd dollar sarp edip, DÇ-ni kabul eden Braziliýa degişlidi. 
Belläp geçsek, Günorta-Afrika Respublikasynda geçen DÇ-2010-na 3,6 mlrd dollar, Germaniýada geçen DÇ-2006-a 4,3 mlrd dollar, Günorta Koreýada we Ýaponiýada geçen DÇ-2002-ä 7 mlrd dollar, Fransiýada geçen DÇ-1998-e 2,3 mlrd dollar, ABŞ-da geçen DÇ-1994-e 500 mln dollar sarp edildi.
Katarda gönüden-göni stadionlaryň (sekiz meýdança guruldy), bazalaryň, janköýerler üçin fan-zolaklaryň gurluşygynyň özüne 6,5 mlrd dollar sarp edildi.
Turniriň kommunikasiýalar boýunça ýerine ýetiriji direktory Fatima Al Nuaými umumy 200 mlrd dollar «hakykatda Katary milli taýdan ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrundaky maksatly strategiýanyň bir bölegi hasaplanýar» diýip düşündirdi.


15.01.2026 22:14
4.1k+

Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär

Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär...

05.01.2026 12:06
7k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi...

29.12.2025 13:31
3.4k+

Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy

Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy...

24.12.2025 09:58
5.7k+

Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi...