Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy

  • 29.12.2025 13:31
  • 3.5k+

Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy.

Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy. Şondan soň ol yzygider bäş ýeňiş gazandy, jemleýji döwde bolsa Niderlandlaryň wekili Aniş Giri bilen deňme-deň oýnady. Bu hem oňa birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Artemýew 9,5 utuk bilen ahyrky sanawda ikinji orunda ýerleşdi.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl dünýä çempionatynyň ýeňijisi russiýaly Wolodar Murzin boldy. Şol wagt Karlsen dress-kod düzgün bozulmasy sebäpli ýaryşdan çetleşdirilipdi.
Magnus Karlsen klassyk küşt boýunça 16-njy dünýä çempionydyr. Ol 2022-nji ýylda Ýan Nepomnýaşiý bilen oýunda bu tituly goramazlyk kararyna geldi.
Kataryň paýtagtynda sport programmasy 29-njy we 30-njy dekabrda dowam eder, bu aralykda blitz boýunça dünýä çempionaty geçiriler.


20.06.2026 01:00
3.4k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

15.04.2026 14:03
3.5k+

Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji üçin Gukeş Dommaraju bilen bäsleşer

Özbegistanly grossmeýster Žawohir Sindarow Kiprde geçirilýän dalaşgärleriň küşt ýaryşynda möhletinden öň ýeňiş gazandy. 9,5 utuk toplan 20 ýaşly küştçi ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn......

31.03.2026 16:37
2.5k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......