Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi

  • 28.09.2022 21:10
  • 14k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Nýu-Ýorkda geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň umumy maslahatynda çykyş etdi.

Onuň bellemegine görä, ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň dikeldilmegine çagyrmak bilen, dawalary we düşünişmezlikleri çözmegiň ýeke-täk makul usuly dialogdyr.
A.Ataýewa howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasy çynlakaý synaglara sezewar edilýär diýip duýdurmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň alternatiwasynyň ýokdugyny mälim etdi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgel berýän çylşyrymly ýagdaýlary agzamak bilen, ol dialog üçin bar bolan meýdançalary berkitmegiň we wajyp  ählumumy meseleler boýunça hökümetara gepleşikleri geçirmek üçin täzelerini döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegiň zerurdygyny nygtady.
Halkara gatnaşyklarynda ynanyşmaga esaslanýan dialogyň filosofiýasyny mundan hem beýläk öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Baş Assambleýa «Dialog — parahatçylygyň kepili» rezolýusiýasynyň taslamasyny teklip etmek isleýändigi bellendi.
Hemişelik wekil ählumumy azyk howpsuzlygynyň häzirki wehimleri bilen bagly ynjalyksyzlyklaryny beýan etmek bilen, halkara jemgyýetçiligini ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge we gowşak goragly ýurtlary azyk bilen üpjün etmegiň çylşyrymly meseleleriniň çözgüdini  bilelikde gözlemäge çagyrdy.  Şu maksat bilen ol Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forum geçirmegi teklip etdi.
A.Ataýewa Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň we suw gorlarynyň meseleleriniň aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini nygtamak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin klimat tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmäge çagyrdy. Türkmenistan şu kontekstde zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmagyň tarapdary bolup galýandygyny tassyklady.
Şeýle hem pandemiýa temasy gozgaldy, onuň netijeleriniň, COVID-19 ýokanjy bilen göreşmek we medisina diplomatiýasynyň gurallaryny döretmek bilen bir hatarda, utgaşykly tagallalary talap edýändigi aýdyldy.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......