Saud Arabystanynyň patyşasy mirasdüşer şazadany premýer-ministr belledi

  • 28.09.2022 14:05
  • 15k+

Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saud mirasdüşer şazada Muhammed ben Salman Al Saudy patyşalygyň Ministrler Kabinetiniň başlygy edip belledi. Bu barada Al Arabiya teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Saud Arabystanynyň patyşasy mirasdüşer şazadany premýer-ministr edip bellemek barada perman çykardy.
Şol bir wagtyň özünde, monarhyň permanynda “patyşanyň hut özüniň gatnaşmagynda geçýän hökümet mejlisiniň onuň (patyşanyň – TASS) baştutanlygynda geçiriljekdigi” nygtalýar.
Şeýle-de, Saud Arabystanynyň patyşasynyň permany bilen ýurduň Goranmak ministri wezipesine onuň beýleki bir ogly – mirasdüşer şazadanyň kiçi dogany Haled ben Salman ben Abdel Aziz bellenildi.
Bu wezipelere bellenmezden öň, patyşanyň özi Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk edýärdi, mirasdüşer şazada bolsa Saud Arabystanynyň premýer-ministriniň birinji orunbasary we goranmak ministridi.


29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...