Apple Hindistanda eýýäm iPhone 14 öndürip başlady

  • 27.09.2022 13:08
  • 11k+

Apple kompaniýasy iPhone 14-iň hatarynyň köpçülikleýin önümçiligini ösdürmegini dowam edýär. Apple tanyşdyrylyşdan soň üç hepde hem geçmänkä, Hindistanda eýýäm iPhone 14 öndürip başlady diýip, Mydrivers ýazýar.

Geçen gezekki maglumatda Apple-iň Hytaýda we Hindistanda iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligini başlamagyň arasyndaky wagtlaýyn tapawudy gysgaltmagy meýilleşdirýändigi barada aýdylýardy. iPhone 14 satuwa çykandan iki aý soň, Apple Hindistandaky önümçiligine başlamalydy.
Emma  kompaniýa grafiginden has öňde barýar. Öň Apple Hindistanda bu ýurtda ýygnalýan dördünji iPhone bolan iPhone 13 çykarmaga başlandygyny resmi görnüşde yglan edipdi. Indi bolsa eýýäm iPhone 14-iň önümçiligine başlandy.
Häzirlikçe Hindistanda diňe iPhone 14-iň öndüriljekdigini, iPhone 14 Pro bilen iPhone 14 Pro Max-yň bolsa hemişekisi ýaly Hytaýda öndüriljekdigini Mydrivers ýazýar. Belli JPMorgan Chase (JP Morgan) maýa goýum bankynyň seljerijileri takmynan 2025-nji ýyla çenli Hindistanda öndürilen iPhone-yň paýy 25%-e çenli artar diýip hasaplaýarlar.  


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....