Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady

  • 27.09.2022 12:57
  • 14k+

Ford kompaniýasy Tennessi ştatynda guruljak täze zawodyň gurluşygy barada käbir jikme-jik maglumatlary mälim etdi. Täze kärhana BlueOval City ("Mawy süýnmegiň şäheri") diýen hususy ada eýe bolar we konserniň taryhynda iň iri zawoda öwrüler. Bu ýerde batareýde işleýän, heniz tanyşdyrylmadyk bir pikap çykarylar.

Zawod 15,5 inedördül kilometr meýdany eýelär. Häzir geljekki kärhananyň ýerinde polat karkas gurluşlar dikilýär. Olary oturtmaga taýýar etmegiň barşynda gurluşykçylar ol ýerden 3,5 million kub metr topragy we 370 müň tonna daşy aýyrmaly boldular.
Bu ýerde azyndan 6 müň adam işlär. Zawody 2025-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär, bir ýyldanam ol taslama kuwwatyna çykar. Bu maglumatlar heniz mälim edilenok, ýöne 2026-njy ýyldan başlap Ford her ýylda 2 million elektrokar çykarmagy we satmagy meýilleşdirýär. 
Täze zawodyň başda haýsy modeli goýberip başlajagy hem heniz belli däl. Kompaniýa diňe elektromobiliň pikap boljakdygyny we "rewolýusion" boljakdygyny habar berdi. Bir çaklama görä, Ford Chevrolet-iň we Ram-yň geljekki täze ulaglary bilen bäsleşjek, häzirki Ford F-150 Lightning-e garanda has ykjam modeliň üstünde işleýän bolmaly.  


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....