Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasyny gutlady

  • 26.09.2022 10:08
  • 6.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Marokkonyň Patyşalygynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......