Russiýada synag tertipde elektron sürüjilik şahadatnamalaryny görkezmäge rugsat berler

  • 24.09.2022 12:55
  • 10k+

Eýýäm 1-nji oktýabrdan başlap «Awto Döwlet hyzmatlary» mobil goşundysynda sürüjilik şahadatnamalaryny synag tertibinde görkezmäge rugsat berler diýip, Russiýanyň Döwletawtoinspeksiýasynyň başlygy Mihail Çernikow habar berýär.

Öň, Çernikow Döwlet ýol hereketiniň howpsuzlygy gözegçiligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalary ministrligi bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli sürüjilik şahadatnamasyny elektron görnüşe geçirmegi gutarnykly görnüşde işläp çykarmagy meýilleşdirýändiklerini mälim edipdi.

«Eýýäm üstümizdäki ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, sürüjilik şahadatnamalaryny «Awto Döwlet hyzmatlary» mobil goşundyda görkezmäge mümkinçilik berýän elektron hyzmaty goýbermegi meýilleşdirýäris»  — diýip,  Çernikow Kazan Digital Week halkara forumynyň dowamynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 1-nji oktýabrdan başlap, elektron sürüjilik şahadatnamalaryndan synag görnüşinde peýdalanmak bolar. Elektron resminama doly ýagdaýda kanuna laýyk bolar ýaly, häzir Ýol hereketiniň düzgünlerine girizmek üçin zerur düzedişler taýýarlanýar.
Çernikow bu hyzmat sürüjilere ýurduň ähli ýerinde, şol sanda internetiň ýok ýerinde hem offlaýn režiminde  elýeter bolar ýaly, zerur çäreleriň ählisi görülýär diýip belledi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....