Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi

  • 23.09.2022 11:24
  • 36k+

Professional boksuň legendasy Floýd Meýwezer öz toparynyň indiki ýyla meýilleşdirilen Konor Makgregor bilen rewanş barada gepleşikleri geçirýändigini nygtaýar. Bu barada boksçy şu dynç günleri Ýaponiýadaky Rizin 38 turnirinde geçiriljek ýaponiýaly Mikuru Asakura garşy sergi söweşinden öň beren interwýusynda habar berdi. Muny fighttime.ru ýetirýär.

“Men şu dynç güni çykyp, şatlanasym gelýär. Soňra noýabr aýynda Dubaýda meniň ýene bir sergi söweşim bar, 2023-nji ýylda bolsa biz Konor Makgregor bilen duşuşarys. Häzirlikçe munuň sergi ýa-da hakyky söweş boljakdygyny bilemok – iki wariant hem maslahatlaşylýar. Men sergi görnüşini has makul görýärin. Men maňa hakykatdan zyýan ýetirip biljek söweşlere gatnaşmaýaryn, ýöne Konor Makgregor ýaly ýigitler, UFC-niň söweşijileri we urup bilmeýän beýleki ýutuberler meniň üçin howply däl” – diýip, “The Daily Mail” Meýwezeriň sözlerini getirýär.

Bar bolan maglumatlara görä, Asakura bilen dokuz minutlyk sergi söweşi üçin Meýwezer 20 mln dollar alar.
Ýatlap geçsek, Makgregor bilen Meýwezeriň arasynda bäş ýyl mundan ozal bolan we onunjy raundda irlandiýalynyň möhletinden ir ýeňilmegi bilen tamamlanan boks duşuşygy uly maliýe üstünligine eýe boldy we dört milliondan gowrak tölegli ýaýlym satdy. Ol bu görkeziji boýunça diňe Floýd Meýwezer bilen Menni Pakýaonyň arasyndaky söweşden öňe geçip bilmedi.


30.05.2026 08:45
7.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
9.9k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....