Federer hoşlaşyk oýnuny Nadal bilen bilelikde geçirer

  • 23.09.2022 10:29
  • 3.9k+

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer karýerasyndaky jemleýji oýnuny jübüt bolup oýnar, onuň ýoldaşy bolsa ispaniýaly Rafael Nadal bolar. Bu barada Federer sosial ulgamlarda ýazdy diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

Oýun anna güni Londondaky Leýweriň kubogy üçin ýaryşlaryň çäginde geçiriler. Federer bilen Nadalyň garşydaşlary amerikalylar Jek Sok bilen Frensis Tiafo bolar.
Öň, 41 ýaşly Federer karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisidir. Onuň hasabynda jemi 111 titul bolup, şolardan 103-sinde ýekelikde ýeňiş gazandy.
Federeriň soňky resmi oýny 2021-nji ýylyň iýul aýynda bolup, ol “Uimbledon” ýaryşynyň dörtden bir finalynda polşaly Hubert Gurkaçdan ýeňildi.
Nadal barada aýdylanda, oňa garşy Federer 40 resmi oýun oýnady. Ýeňiş sany boýunça Nadal üstün çykýar – 24 ýeňiş we 16 ýeňliş.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......