Altynyň bahasy ýylyň ahyryna çenli 1800 dollardan aşyp biler — bilermenler

  • 22.09.2022 11:44
  • 10k+

Pudagyň her ýylky iň uly Denver Gold Forum ýygnagyna gatnaşyjylardan edilen pikir soraşma olaryň altynyň unsiýasynyň (1 unsiýa - 31,1 gram) bahasynyň 1806 dollara çenli gymmatlamagyna garaşýandyklaryny görkezdi. Gürrüň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli bahalaryň depgini barada gidýär.

Çaklanylýan baha duşenbe günündäki söwdalaşyklaryň ýapylyşyndaky derejeden 7,8% ýokary. Soňky gezek altynyň unsiýasy 1 800-den iýulyň başynda geçipdi.
Altyn boýunça bütindünýä geňeşdäki Jozef Kawatoni «geosyýasy töwekgelçilikleriň altyny her bir maýa goýumçynyň üns merkezinde saklajakdygyna» ynanýar. 
Sentýabr aýynda gymmatly metalyň bahasy, esasan, 1700 dollardan gowrak boldy, ýöne geçen hepde, Federal ätiýaçlyk ulgamy çarşenbe güni göterim goýumlaryny azyndan 75 bazis punkt galdyrar umydy bilen,  pese düşdi.
Puluň hümmetiniň gaçmagyny saklamak üçin pul-karz syýasatynyň bekedilmegi altyn üçin ýaramaz habar boldy, ol göterim goýumlarynyň ýokarlanmagyna we amerikan walýutasynyň kursunyň galmagyna getirdi. Bu barada Wheaton Precious Metals Corp.-yň baş ýerine ýetiriji direktory Rendi Smollwud gürrüň berdi.
NYMEX-de altynyň dekabr şertnamalary sişenbe güni söwdalaşyklaryň gidişinde 0,3% - unsiýasy 1 682,9 dollara çenli gymmatlady.

düýn 23:57
356

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.3k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....